Soňky 1 hepdede 80 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiyäniň Ýaragly güýçleri soňky 1 hepdede 80 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi

2043574
Soňky 1 hepdede 80 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi Hepdelik metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň PKK/KJK/PÝD-ÝPG, DEAŞ we FETÖ terror guramalary başda bolmak bilen ähli görnüşli howplara garşy arakesme bermeden we tutanýerli ýagdaýda göreşi dowam edýär. 

Şol çäkde Yragyň we Siriýanyň demirgazygy bilen birlikde 1-nji ýanwardan bäri Terrora garşy göreş operasiýasy sebitinde 80-i soňky 1 hepdede bolmak bilen 1351 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Şeýlelik bilen 2015-nji 24-nji iýulyndan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany bolsa 38 müň 694-e ýetdi. 



Degişli Habarlar