Prezident Erdogan Izmir TEKNOFEST-e gatnaşdy

Prezident Erdogan Türkiyäniň goranyş senagaty eksportynyň şu ýylky maksatnamasynyň 6 milliard dollary geçmekdigini habar berdi

2044234
Prezident Erdogan Izmir TEKNOFEST-e gatnaşdy

Prezident Erdigan Izmir şäheriniň Çigli howa menzilinde geçirilýän Awiasiýa, älem we tehnologiýa festiwaly TEKNOFEST-de çykyş etdi. 

Prezident Erdogan: "Şu gün bu ýerde diňe milli tehnologiýa göçümlerimiziň ählisini, buýsanç çeşmämiz bolan önümlerini görmeýäris. Şol bir wagtda ösýän, güýçlenýän, serhetleri aşýan, özüne ynamy bolan we talapçy Türkiyäniň beýgelişine şaýat bolýarys" diýip habar berdi. 

Erdogan goranyş senagaty ugrunda ählisi biri-birinden tankydy bolan 850 tapawutly taslamalary durmuşa geçirýändiklerini belläp: "Dünýädäki ilkinji ýaragly uçarmansyz howa ulagyny ýer eýeçiligini edýän gämi bolan TJG Anadoly gämisi deňizlerimizde baýdagymyzy buýsanç bilen pasyrdadýarys" diýip nygtady. 

Türkiyäniň goranyş senagaty göçümleri bilen birlikde eksportynyň hem barha artýandygyny aýdan Prezident Erdogan: "Türkiyäniň goranyş senagaty eksportynyň şu ýylky maksatnamasy 6 milliard dollary geçmekdir. Nähili bu ugurdaky eksportymyzy 248 million dollardan geçen ýyl 4,5 milliard dollara ýetiren bolsak, nesip bolsa şol görkezijiden hem geçeris. Beýleki ugurlarda bolşy ýaly goranmakdada doly garaşsyz Türkiye maksatnamamyza ýetýänçäk çenli gije-gündiz diýmän arman-ýadaman zähmet çekeris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar