Milli Howpsuzlyk Geňeşi Nobatdaky Mejlisi Geçirildi

MHG-niň mejlisinden soň jarnama çap edildi.

2043947
Milli Howpsuzlyk Geňeşi Nobatdaky Mejlisi Geçirildi

Milli howpsuzlyk geňeşi Ermenistanyň başda durmagynda taraplara Günorta Kawkazda durnukly parahatçylyga barýan ýoluň Azerbaýjanyň territorial bitewiliginiň şertsiz üpjün edilmegi netijesinde açyljakdygyny beýan etdi.

Düýn Ankarada Prezident R.T.Erdoganyň başlyklyk etmeginde geçirilen Milli howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden soň jarnama çap edildi.

Jarnamada terror guramasy PKK/KJK-PÝD/ÝPG-ä garşy görkezen ýerlikli garşy durmanyň bigünä adamlary gyran, çagalaryň eline ýarag tutduran we ýurduň tebigy çeşmelerinden hyýanatçylykly peýdalanýan bu oýnatgy guramanyň parahatçylygyň we asudalygyň öňündäki esasy böndeçlikdigini Siriýanyň halkynyň hem tassyklandygy nygtalyp, bu “jenaýat ulgamyna” goldawyny dowam etdirýänlere halkara hukukdan we adam hukuklaryndan gelip çykýan borçlary bilen ýaranlykdan gelip çykýan jogapkärçilikleriniň ýatladylýandygy nygtaldy.

Türkiýäniň ýarym asyra golaý wagtdan bäri agyr synaglary başdan geçiren dost we doganlyk Yragyň halkyna ýokary goldawyny dowam etdirjekdigine üns çekilip, Kerkukdaky asudalygyň goralmagynyň we ýurtdaky terror guramalarynyň dolulygyna ýok edilmeginiň sebit boýunça syýasatyň esaslaryny emele getirýändigi nygtaldy.

Jarnamada BMG-niň  Parahatçylyk güýjüniň Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň özygtyýarlylygy we Kipr türkleriniň balangyç zerurlyklary boýunça iki standartly çemeleşmesiniň hem-de alyp barýan işleriniň bitaraplyk kadasyna bap gelmeýandigi, ygtybaryna zyýan ýetirýändigi bellenilip, Türkiýäniň halkara hukukdan hem-de ylalaşyklardan gelip çykýan haklaryna laýyklykda Kipr türkleriniň howpsuzlygyny we asudalygyny kepillendirmäge dowam etjekdigi nygtalýar.

Şeýle hem jarnamada; “Günorta Kawkazda durnukly parahatçylyga barýan ýoluň diňe Azerbaýjanyň territorial bitewiliginiň we özygtyýarlylygynyň şetsiz ýola goýulmagy we sebitimizdäki ähli ýurtlaryň abadançylygyna goşant goşjak kepillikli borçlaryň ýerine ýetirilmegi bilen açyljakdygy Ermenistanyň başda durmagynda ähli taraplara ýatladylyp, Türkiýäniň sebitdäki durnukly parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň ýola goýulmagy ugrundaky tagallalary goldamaga dowam etjekdigi beýan edildi” diýilýär.



Degişli Habarlar