Içeri işler ministri deportasiýa edilen immigrantlar barada maglumat berdi

Türkiyäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa, 1-nji iýundan 22-nji sentýabra çenli 42 müň 875 immigrantyň deportasiýa edilendigini mälim etdi

2043560
Içeri işler ministri deportasiýa edilen immigrantlar barada maglumat berdi

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa paýtagt Ankara şäherinde metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

Ali Ýerlikaýa wezipä başlan güni bolan iýun aýynyň başyndan 22-nji sentýabra çenli 97 müň 363 immigranty saklandyklaryny, şolaryň 42 müň 875-siniň ýurtdan çykarylandygyny habar berdi. 

Immigrantlaryň esasan hem Owganystan, Pakistan, Özbegistan we Eýran ýaly ýurtlardan gelendigini aýdan Ali Ýerlikaýa, Mobil migrasiýa nokady gollanmasyny Stambulda başladandyklaryny we şowly bolandygyny belläp: "1-nji oktýabrda Bursa, Adana, Izmir we Ankara şäherlerinde hem Mobil migrasiýa nokady gollanmasyny başladarys. 1-nji noýabrdan başlap şol ulaglaryň sanyny 153-e ýetireris we 30 aýry uly şäherde gollanmany durmuşa geçirmäge başlarys, 1-nji dekabrda bolsa şol gollanmany bütin Türkiyede başladarys" diýip aýan etdi. 

Gresiýanyň Migrasiýa we penalyk ministri bilen Bolgariýanyň Içeri işler ministri bilen serhet howpsuzlygy we bikanun immigrantlara garşy göreş meseleleri boýunça geçen hepde telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini aýdan Ali Ýerlikaýa, Bolgariýanyň Içeri işler ministri Kalin Stoýanowyň 10-nji oktýabrda Türkiyä geljekdigini, Gresiýanyň Migrasiýa we penalyk ministri Dimitris Keridisiň gurajak saparynyň gününiň entek kesgitlenmändigini habar berdi.



Degişli Habarlar