Türkiýe, Yraga Gynanç Bildirdi

Türkiýe, Yrakda bagt öýünde bolan ýangynda ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

2042894
Türkiýe, Yraga Gynanç Bildirdi

Türkiýe, Yragyň Mosul şäherinde bagt öýünde bolan ýangynda ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Mosulyň Hamdaniýe etrabynda düýn agşam bagt öýünde ýangynyň bolandygy nygtaldy.

Beýannamada, ýangyn sebäpli 100 adamyň ýogalmagyna, 500 adamyň ýaralanmagyna uly gynanç bildirilýändigi ýatladyldy.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Bu elhenç wakada ýogalanlara gynanç bildirýäris. Ýangynda ýogalanlaryň hossarlaryna duýgudaşlyk bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.



Degişli Habarlar