Erdogan Ministrler Kabinetiniň Meclisini Geçirdi

Mejlisde ýurduň we dünýäniň möhüm meselelerine garaldy.

2042684
Erdogan Ministrler Kabinetiniň Meclisini Geçirdi

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň goranyş senagatynda diňe bir öz zerurlyklaryny kanagatlandyrmak bilen çäklenmändigini, dünýäniň öňdebarycy tehnologiýa öndüricilerinden birine öwrülendigini aýtdy.

Erdogan ministrler kabinetiniň meclisinden soň beýannama berdi.

Türkiýäniň goranyş senagatynda diňe bir öz zerurlyklaryny kaganatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýäniň öňdebarycy tehnologiýa öndüricilerinden birine öwrülendigini beýan eden Erdogan; “Ýetilen sepgitde täze synaglary başdan geçirýäris. Türkiýäniň guran güýçli infrastrukturasyna laýyklykda beýgelýän ýurt hökmünde her bir sebitde we olatformada global status-kwo sezewar bolmagy elbetde tebigy ýagdaý. Emma ýaranymyz ýa-da bäzdeşimiz, tapawudy ýok, ähli ýurtlaryň kabul edýän hakykaty bar. Ol hem mundan hiç kimiň halas bolup bilmecekdigi. Bu hakykat daş-ýakyn ähli sebitimizde Türkiýesiz haýsydyr bir taslamanyň iş ýüzüne geçirilip bilinmecekdigi. Eger şeýle diýselerem, başa barmacakdygydyr. Biz, onuň ençeme myusalyny, synanşygyny, ençeme niýetini gördük, başdan geçirdik. Neticede bu synanşyklary edenleriň ählisi soňunda gelip Türkiýaniň hyzmatdaşlygyna, ýaranlygyna, goldawyna isleg bildirmeli boldular” diýdi.



Degişli Habarlar