“Biz DKTR-nyň Dünýä Ýurtlary Tarapyndan Ykrar Edilmegi Üçin Elimizden Geleni Ederis”

Erdogan, Nahiçewana guran saparyndan gaýdyşyn uçarda beýannama berdi

2042527
“Biz DKTR-nyň Dünýä Ýurtlary Tarapyndan Ykrar Edilmegi Üçin Elimizden Geleni Ederis”

Prezident R. T. Erdogan, DKTR-nyň ykrar edilmegi, yzygiderli parahatçylyk we durnuklylyk isleýän ähli ýurtlar üçin iň dogry ýol” diýdi.

Erdogan, Nahiçewana guran saparyndan gaýdyşyn uçarda beren beýannamasynda, 3-nji noýabrda Gazagystanda Türki döwletler guramasynyň maslahatynyň geçiriljekdigini we DKTR-nyň hem şol maslahata synçy agza hökmünde gatnaşjakdygyny aýtdy.

Erdogan, “DKTR-nyň ykrar edilmegi Kipr adasynda yzygiderli parahatçylyk we durnuklylyk isleýän ähli ýurtlar üçin iň dogry ýol. Birnäçe ýyldan bäri kipr türk halkynyň barlygyny kabul etmek islemeýänleriň arzuw hyýallary puja çykdy, olar maksadyna ýetip bilmedi” diýdi.

Prezident Erdogan “Biz DKTR-nyň dünýä ýurtlary tarapyndan ykrar edilmegi üçin elimizden geleni ederis” diýip belledi.

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahynyn oktýabr-noýabr aýlarynda Türkiýä sapar gurajakdygyny aýdan Erdogan, “Amatly pursatda saparyň amala aşyrylmagy üçin degişli taýarlyklar görülýär. Ondan soň hem biz Ysraýyla sapar gurarys” diýdi.

Türkiýe bilen Ysraýylyň birnäçe ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini aýdan Erdogan,  “Russiýa-Ukraina söweşinden soň Ysraýylyň tebigi çeşmeleriniň Ýewropa ýetirilmegi meselesinde gün tertibinde esasy orun eýeleýär. Türkiýe, bu meselede iň amatly liniýa. Türkiýeden üstaşyr şol çeşmeler Ýewropa ýetirlip bilner. Soňky duşuşygymyzda bu mesele hakynda pikir alyşdyk” diýdi.

Prezident Erdogan, Ysraýyl bilen Türkiýäniň arasynda burlawlaýyş işleri meselesinde hem uly mümkinçiligiň bardygyny ýatlatdy.

Zengezur we Laçyn koridorlary hakynda hem durup geçen Prezident Erdogan “Zengezur-Laçyn koridoryny parahatçylyk koridory ýagdaýyna getirmegi maksat edinýäris” diýdi.

Şwesiýanyň NATO agzalygy hakynda hem durup geçen Prezident Erdogan “Beren wadalarynda tapylsalar, biziň parlamentimiz hem wadasynda durar”diýip belledi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar