Prezident Erdogan Iş Sapary Hakynda Nýu-Ýorkdaky Türköýünde Metbugata Beýannama Berdi

Erdogan BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy

2040714
Prezident Erdogan Iş Sapary Hakynda Nýu-Ýorkdaky Türköýünde Metbugata Beýannama Berdi

 

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşan Prezident R. T. Erdogan iş sapary hakynda Nýu-Ýorkdaky Türköýünde metbugata beýannama berdi.

Erdogan, “Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu bilen bolan duşuşygyňyzda energetika meselesi gün tertibine getirildimi? Ysraýyl-Palestina meselesinde näme ýüzlenme berdiňiz? Netanýahunyň ýarawsyzlygy sebäpli yza süýşürlen saparynyň wagty bellimi?” diýen soraglara: “Hawa, siziň hem beýan edişiniz ýaly, ýarawsyzlygy sebäpli Netanýahynyň sapary yza süýşürlipdi. Men siziň Türkiýä gurajak saparoňyzdan soň men hem toparym bilen Ysraýyla sapar guraryn”diýdim. Ýagny bu meselede ylalaşyk gazandyk. Energetika meselesinde hem ýakynda Ysraýyl bilen hyzmatdaşlyk etmäge başlarys. Diňe Türkiýede däl, eýsem şol bir wagtda Ýewropanyň energetika bilen üpjün edilmegi üçin birlikde işleşeris” diýip jogap berdi.

Gresiýanyň Premýer-ministri Mikotakis bilen bolan duşuşygy hakyndaky soraglara hem jogap beren Prezident Erdogan: “ Egeýdäki dartgynlygy ortadan aýyrmagy maksat edinýäris we Mikotakis hem bu mesela oňyn garaýar. Ýakynda Salonik şäherinde möhüm duşuşyk geçirler. Salonik duşuşygy Türkiýe-Gresiýa gatnaşyklary taýdan öwülşik nokady bolup biler. Daşary işler ministrlerimiz ilki degişli taýarlyklary görer we Salonikde 7-nji dekabrda möhüm duşuşyk geçireris.”diýdi

Prezident Erdogan, BMG-nyň Baş Assambleýasynda eden çykyşynyzda DKTR-nyň ykrar edilmegi üçin çagyryş berdiňiz. Çagyryşyňyz uly beýan tapdy, mundan soňky etapdaky iş meýilnamalary nähili bolar?” diýlen soraga hem  “DKTR-nyň garaşsyz döwlet hökmünde ykrar edilmegi, Kipr meselesiniň çözülmegine taýdan diýseň möhüm. Biz DKTR-nyň hak-hukuklarynyň halkara derejesinde ykrar edilmegi üçin hemaýatkärlk hukugynyň çäginde tagalla etmäge dowam ederis. DKTR, Türki döwletleriň guramasyna synçy agza boldy we bu başlangyjyn dowam etmegine garaşýarys. DKTR-nyň garaşsyz döwlet hökmünde ykrar edilmegi bilen Gündogar Ortaýer deňizine parahatçylyk geler” diýip jogap berdi.



Degişli Habarlar