Türkiýede 9 Adamyň Eris Wariantyna Ýolugandygy Anyklandy

Bu barasynda Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja sosial media arkaly habar berdi.

2037861
Türkiýede 9 Adamyň Eris Wariantyna Ýolugandygy Anyklandy

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Kowid-19-yň “Eris” wariantynyň 9 adamda anyklanandygyny, onuň aladalandyryjy ýagdaý däldigini beýan etdi.

Ministr Koja sosial media hasabyndan beren habarnamasynda “Eris” wariantynyň daşary ýurtlar bilen arabaglanşykly adamlarda gabat gelinendigini nygtap; “Bu aladalandyryjy ýagdaý däl. hassalatma güýjüniň pesdigi bilinýän “Eris” wariantyna esasy laboratoriýalarymyzda geçirilen barlagda 9 adamda gabat gelindi. Daşary ýurtlar bilen arabaglanşykly we şol bir maşgaladan. Bar bolan çareleri we gündelik durmuşymyzy dowam etdireris. Başga ýurtlarda has giňden ýaýran, bizde-de ýüze çykmagy ähtimaldy. Ýaşulylarymyzy we hroniki kesellilerimizi goralyň” diýip, ýazdy.



Degişli Habarlar