TBMM-niň Başlygy Kurtulmuş Liwiýa Gynanç Bildirdi

Kurtulmuş, Liwiýanyň Ýokary Döwlet Geňeşiniň başlygy Tekele bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

2036706
TBMM-niň Başlygy Kurtulmuş Liwiýa Gynanç Bildirdi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş, Liwiýanyň Ýokary Döwlet Geňeşiniň başlygy Tekele bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kurtulmuş, telefon söhbetdeşliginde, Liwiýadaky sil apaty sebäpli Tekele gynanç bildirdi.

Başdan geçirlen apata uly gynanç bildirýändiklerini aýdan Kurtulmuş, doganlyk liwiýanyň halkyna duýgudaşlyk bildirdi.

TBMM-niň Başlygy Kurtulmuş, türk halkynyň sil apatyna garşy göreşde ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýardygyny, Türkiýäniň ähli mümkinçilikleri bilen liwiýanyň halkyna kömek bermäge dowam etjekdigini belledi.

 



Degişli Habarlar