Galla Başlangyjy Gaýtadan Dikeldilmeli

Adalat we ösüş partiýasynyň Başlygynyň orunbasary Ömer Çelik Russiýa-Ukraina söweşinden soň BMG-niň tagallasy bilen güýje giren Galla başlangyjy hakyndaky ylalaşygyň gaýtadan dikeldilmelidigini beýan etdi.

2036781
Galla Başlangyjy Gaýtadan Dikeldilmeli

Çelik düýn paýtagt Ankarada partiýanyň merkezinde Prezident we Ak partiýanyň Başlygy R.T.Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Ak partiýanyň Merkezi ýerine ýetirijiler geňeşiniň maslahatyndan soň metbugat ýygnagyny geçirdi.

Ömer Çelik 2022-nji ýylyň fewralynda başlan we bütin dünýä ulgamyna ýaramaz täsir ýetiren Russiýa-Ukraina söweşi hakynda ähli ýurtlaryň meýilnamasynyň bardygyny, söweşiň dowam etmegi üçin käbir taýýarlyklaryň görülýändigini, emma diňe Prezident Erdoganyň we Türkiýäniň parahatçylyk ugrunda egilşiksiz pozisiýasyny dowam etdirýändigini aýtdy.

Prezident Erdoganyň Galla geçelgesi başlangyjynyň dowam etmegi üçin tagallasynyň dowam edýändigini aýdan Çelik: “BMG-niň çäginde, BMG-niň insiatiwasy bilen Russiýa we Ukraina bilen bilelikde iki ýurdy hem çetleşdirmän bu ylalaşygyň dowam etdirilmegini göz öňünde tutýarys. Ukraina, Bolgariýanyň we Rumyniýanyň suw giňişliginiň üstünden täze bir ýol açmaga çalyşýar. Moskwa bolsa bar bolan ugur boýunça berilen sözleriň iş ýüzüne geçirilmegini isleýär. İki tarapyň hem stoluň başyna dolanyp geçmek üçin günbatardan garaşýan tamalary bar” diýdi.

Çelik ilkinji nobatda BMG-niň başlangyjy bilen iş ýüzüne geçen ylalaşygyň gaýtadan dikeldilmelidigini beýan etdi.

Azerbaýjana tabynlykdaky Garabagda geçirilen saýlaw diýilýän çäre hakynda-da durup geçen Ömer Çelik: “Garabagda ermeniler tarapyndan geçirilen saýlawyň haýsydyr bir kanuny tarapy ýok. Bu galp saýlaw we serhede ýarag üýşürip, dartgynlygy artdyrmak belki başgalary üçin bähbit getirip biler. Emma Ermenistanyň bähbidine bolmajakdygy äşgär” diýdi.

Çelik Ermenistanyň şeýle galp başlangyçlardan we sebitde dartgynlygy artdyrýan çemeleşmelerden çetde durmalydygyny beýan etdi we Türkiýäniň  Garabag söweşinde bolşy ýaly doganlyk Azerbaýjany doly goldaýandygyny aýtdy.



Degişli Habarlar