Türkiýe sil apaty sebäpli Liwiýa kömek elini uzatdy

Okaý Memiş: "Türkiyäniň, türk döwletiniň, türk milletiniň kömek elini, dostlukly we doganlyk Liwiýanyň halkyna uzadarys" diýip mälim etdi

2036005
Türkiýe sil apaty sebäpli Liwiýa kömek elini uzatdy

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi Liwiýa gözleg we halas ediş toparlary bilen esasy ýaşaýyş enjamlaryny daşaýan 3 ýük uçarynyň 2-siniň paýtagt Ankara şäherinden ýola çykandygyny habar berdi. 

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD-yň başlygy Okaý Memiş 3 ýük uçarynyň sil apatynyň başdan geçirilen Liwiýa gözleg we halas ediş toparlary bilen esasy ýaşaýyş enjamlaryny alyp gitjekdigini, uçar gatnawlarynyň 4 sagat arakesme bilen amala aşyryljakdygyny habar berdi. 

Okaý Memiş: "Türkiyäniň, türk döwletiniň, türk milletiniň kömek elini, dostlukly we doganlyk Liwiýanyň halkyna uzadarys" diýip mälim etdi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Liwiýadaky sil apaty bilen bagly özüniň sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Türkiye Liwiýanyň halkynyň ýanyndadyr. AFAD edaramyzyň koordinasiýa etmeginde Bingazi şäherine barmak üçin 3 aýry uçar gatnawy ýola goýular" diýip beýan edipdi. 

Liwiýanyň halkyna duýgudaşlyk bildiren Prezident Erdogan: "Uçarlarymyzyň düzüminde ilkinji tapgyrda gözleg we halas ediş işlerine we beýleki işlere kömek bermek maksady bilen 168 işgär, 2 gözleg we halas ediş ulagy, 2 gözleg we halas ediş gaýygy, ýaşaýyş we beýleki zerurlyklary kanagatlandyrmak maksady bilen 170 çadyr, 600 ýorgan, 400 azyk we arassaçylyk serişdeleri bolan guty, 20 generator, 1000 ýagyş geçirmeýän plaş, 500 ädik we 500 fonar bar" diýip habar beripdi. 


Etiketkalar: #kömek , #Liwiýa , #Türkiye

Degişli Habarlar