Türkiye Liwiýa gynanç bildirdi

Türkiye Liwiýa ýaramaz täsir ýetiren sil apatynda ýogalan adamlar zerarly gynanç ýüzlenmesini çap etdi

2035990
Türkiye Liwiýa gynanç bildirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Liwiýada düýnden bäri täsirini dowam etdirýän we ýurduň esasan hem gündogar kenarlaryna ýaramaz täsir ýetiren Daniel tupanynyň sebäp bolan sil apaty zerarly köp sanda liwiýalynyň ýogalandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Dostlukly we doganlyk Liwiýanyň halkyna we Liwiýa gynanç, ýogalan adamlara Alladan rehnet, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris. Türkiye hemişe bolşy ýaly, bu tebigy apatda hem doganlyk Liwiýa islendik goldawy bermäge taýardyr" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #gynanç , #Liwiýa , #Türkiye

Degişli Habarlar