Prezident Erdogan Hindistan saparyndan soň beýannama berdi

Prezident Erdogan Hindistan-Ýakyn Gündogar-Ýewropa Ykdysady geçelge bilen baglanşykly: "Türkiýesiz geçelge bolmaz. Gündogar-günbatar gatnawy üçin iň amatly ýol Türkiyeden geçmeli" diýip nygtady

2035852
Prezident Erdogan Hindistan saparyndan soň beýannama berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan G20 Liderler sammitine gatnaşmak maksady bilen giden Hindistandan gaýdyşyn uçarda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi. 

Prezident Erdogan öňümizdäki tapgyrda Türkiyede guruljak fiziki tebigy gaz merkezi ýaly ediljek ädimler bilen global tebigy gazyň bahasynyň Türkiyede kesgitlenjekdigini beýan etdi. 

17-21-nji sentýabr aralygynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek BMG-nyň Baş Assambleýasyna gatnaşmak maksady bilen bu ýurda sapar gurajakdygyny aýdan Prezident Erdogan, ABŞ gurajak saparynda Türkiyede maýa goýumlary bolan ençeme markanyň wekili bilen duşuşyk geçirjekdigini, olar bilen gönüden gepleşikleriň boljakdygyny habar berdi. 

Prezident Erdogan: "Merkezi Waşingtonda ýerleşýän maliýe guramasy, Adana welaýatynyň Jeýhan etrabyndaky nebit-himiýa desgasyny 550 million dollar maliýeleşdirdi. Bu maliýeleşdirmegiň maýa goýulmagy örän möhümdir" diýip belledi. 

Orta möhletli maksatnamanyň täsiri bilen bazarlara täsin bir işjeňligiň gelendigini aýdan Prezident Erdogan, Türkiyä kredit akymynyň başlajakdygyny, halkara kredit derejelendiriş guramalarynyň Türkiyäniň kredit balyny ýokarlandyrmaga mejbur galjakdyklaryny habar berdi. 

Azyk krizisiniň öňüniň alynmagy üçin ýeke-täk tagalla edýän ýurduň Türkiyedigini aýdan Prezident Erdogan: "Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň 1 million tonna galla teklibini gün tertibe getirdik, mukdaryň artdyrylmagy üçin Putinden haýyş ederis. Günbataryň hem öz jogapkärçiligini ýerine ýetirmegi möhüm" diýip belledi. 

Prezident Erdogan: "Dünýäni täze azyk, energiýa ýa-da başga bir krizisi başyndan geçirmezligi we has köp adam ganynyň dökülmeginiň öňüni almak üçin durnuklaşdyryjy güýç hökmünde her stolda bolarys" diýip nygtady. 

Müsüriň Prezidenti Abdulfettah as-Sisi bilen geçiren duşuşygy bilen bagly Prezident Erdogan: "Olar ilki bilen Biz size garaşýarys diýdiler, emma Biz hem size garaşýarys diýdim. Ministrlerimiz we Howpsuzlyk gulluklarymyzyň başlyklary duşuşyk geçirerler" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan Hindistan-Ýakyn Gündogar-Ýewropa Ykdysady geçelge bilen baglanşykly: "Türkiýesiz geçelge bolmaz. Gündogar-günbatar gatnawy üçin iň amatly ýol Türkiyeden geçmeli" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar