Ilçiler Prezident Erdogana ynanç hatlaryny gowşurdylar
Kabul edilşikde ilçiler Mard we Makkallah Erdogana ynanç hatlaryny gowşurdylar
2034476
Estoniýanyň, Şwesiýanyň we Irlandiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçileri Prezident Rejep Taýýip Erdogana ynanç hatlaryny gowşurdylar.
Prezident Erdogan ilki bilen Estonianyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Waino Reinarty kabul etdi.
Prezidentiň kompleksindäki kabul edilşikde ilçi Reinart Erdogana ynanç hatyny gowşurdy.
Prezident Erdogan soň bolsa Şwesiýanyň Ankara şäherindäki ilçisi Malena Mardy we Irlandiýanyň Ankara şäherindäki ilçisi Jon Makkallahy aýry aýry kabul etdi.
Kabul edilşikde ilçiler Mard we Makkallah Erdogana ynanç hatlaryny gowşurdylar.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan, Birleşen Arap Emirliklerinde Saparda Bolýar
Hakan Fidan,kärdeşi Abdullah bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşdy.