Kurtulmuş 30-njy awgust Ýeňiş baýramy bilen bagly gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Kurtulmuş 30-njy awgustyň türk milleti üçin watan söýgüsi bilen täzeden dogulmagyň, bu topraklarda ebedi, erkin ýagdaýdaky barlygynyň günüdigini belledi

2030913
Kurtulmuş 30-njy awgust Ýeňiş baýramy bilen bagly gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Numan Kurtulmuş 30-njy awgustyň türk milleti üçin watan söýgüsi bilen täzeden dogulmagyň, bu topraklarda ebedi, erkin ýagdaýdaky barlygynyň günüdigini habar berdi. 

Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň Numan Kurtulmuş sosial media hasabyndan çap eden gutlag ýüzlenmesinde 30-njy awgust Ýeňiş baýramynyň 101-nji ýyllygyny belläp geçmegiň bagtyýarlygyny we buýsanjyny başlaryndan geçirýändiklerini mälim etdi. 

30-njy awgust Ýeňiş baýramy bilen gutlan Numan Kurtulmuş: "30-njy awgust watany, baýdagy, geljegi, azany üçin hiç hili pikir etmän Ýa özygtyýarlylyk ýa ölüm diýen ata-babalarymyzyň gahrymançylykly dessany, garaşsyzlyk nyşanydyr. 30-njy awgust biz üçin watan söýgüsi bilen ýaňadandan dogulmagyň, bu topraklarda baky, erkin bar bolmagyň günüdir. Bu buýsançly günde Baş serkerdelik meýdan söweşiniň Baş serkerdesi Gazy Mustafa Kemal Atatürki, egindeşlerini we geçmişden gelejege bu topraklary bize watan hökmünde miras goýan ähli şehitlerimizi hormat bilen hatyralap geçýärin" diýip belledi. 



Degişli Habarlar