Erdogan 30-njy Awgust Ýeňiş Baýramy bilen bagly ýüzlenme çap etdi

Prezident Erdogan 30-njy awgust Baş serkerdelik meýdan söweşiniň türk milletiniň ençeme asyr bäri dowam etdiren ebedilik ugrundaky göreşiniň iň tankydy nokatlarynyň biridigini beýan etdi

2030888
Erdogan 30-njy Awgust Ýeňiş Baýramy bilen bagly ýüzlenme çap etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan 30-njy Awgust Ýeňiş Baýramynyň 101-nji ýyly mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi. 

30-njy awgust Baş serkerdelik meýdan söweşiniň türk milletiniň ençeme asyr bäri dowam etdiren ebedilik ugrundaky göreşiniň iň tankydy nokatlarynyň biridigini aýdan Erdogan: "Gazy Mustafa Kemal Atatürkiň aýdyşy ýaly 30-njy awgust Ýeňişi Türk goşunynyň, türk ofiserleriň we serkerdeleriň taryhdaky ýokary güýjüni we gahrymanlygyny ýene-de bir gezek kesgitleýän beýik eserdir" diýip belledi. 

"Türk milletiniň azatlyk we garaşsyzlyk düşünjesiniň ölmez-ýitmez ýadygärligi" bolan bu ýeňiş bilen milletiň, ygtyýaryny boýun egdirmejekdigini, özygtyarlylygyny we geljegini örtmejekdigini bütin dünä yglan edendigini aýdan Prezident Erdogan: "Milletimiziň iň möhüm özboluşlylygy bolan azatlyk söýgüsini, şu günki gün hem berk ýagdaýda dowam etdirýär. 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda amala aşyrylan hyýanatçylyga garşy eýelenen epiki garşylyk başda bolmak bilen soňky ýyllarda ebediligimize garşy guralan hüjümlere milletimiziň beren jogaby, bu ygtyýaryň nähili derejede janlydygyny we aýkdadygyny ençeme gezek görkezdi" diýip nygtady. 

Prezident Erdogan: "Öňümizdäki döwürde etjek täze ädimlerimiz bilen ýurdumyzyň güýjüne güýç goşarys, Türkiyäni döwrebap medeniýetler derejesinden hem ýokary çykararys" diýip belledi. 

Erdogan ýüzlenmesinde Respublikanyň esaslandyryjysy, Baş serkerdelik meýdan söweşiniň Baş serkerdesi Gazy Mustafa Kemaly we egindeşlerini uly hormat bilen hatyralap: "Ähli şehitlerimize we gazylarymyza Alladan rehnet dileýärin. 30-njy awgust Ýeňiş baýramymyz gutly bolsun" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar