Prezident Erdogan Bitlisde köpçülikleýin açylyş dabara gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Bitlis welaýatynda köpçülikleýin açylyş dabara gatnaşyp, ol ýerde çykyş etdi

2029267
Prezident Erdogan Bitlisde köpçülikleýin açylyş dabara gatnaşdy

Prezident Erdogan Türkiyede ekstremist terror guramasy PKK-dan saplanan sebitlerde syýahatçylygyň janlanýandygyny, dünýäniň dört künjeginden adamlaryň bu sebitiň gözelliklerini görmek üçin gelýändigini habar berdi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Bitlis welaýatynda köpçülikleýin açylyş dabara gatnaşyp, ol ýerde çykyş etdi. 

Şu gün ýeke täk bir açylyş dabarasy bilen jemi gymmady 12,5 milliard lira ýetýän maýa goýum taslamalaryny resmi ýagdaýda hyzmat bermäge başlamakgy üçin açjakdyklaryny aýdan Prezident Erdogan, döwlet hökmünde şu günki güne çenli iş orunlaryny döredýän her kime hiç hili tapawut goýmadan hemişe goldaw berendiklerini, ähli mümkinçilikleri bilen eýe çykandyklaryny beýan etdi. 

"Türkiyäni maýa goýum, täze iş orunlary we eksport ýoly arkaly ösdürmek babatyndaky maksadymyzy gaýtalap geçýäris" diýip aýdan Prezident Erdogan, şu günki güne çenli beren wadalaryny ýerine ýetirendiklerini habar berdi. 

Ekstremist terror guramasy PKK-dan saplanan sebitlerde syýahatçylygyň janlanýandygyny aýdan Erdogan: "Diňe ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndan däl, eýsem dünýäniň dört künjeginden adamlar bu sebitiň gözelliklerini görmek üçin gelýärler" diýip nygtady. 

Erdogan: "Ählimiz bilelikde bu asudalyk we howpsuzlyk gurşawyny goramagymyz gerek" diýip belledi. 

Türkiye Asyryny gurmakda tutanýerlidiklerini aýdan Prezident Erdogan: "Soňky 21 ýylda ähli ugurlar boýunça onuň hötdesinden geldik. Bizden ozal edilenleriň ençeme esse köpüni ýurdumyz üçin etdik" diýip aýtdy. 



Degişli Habarlar