Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň döredilmeginiň 22 ýyllygy mynasybetli geçirilen çärä gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan has gülläp ösen, abraýly, güýçli we asuda Türkiýe gurup, halka beren wadalaryny ýerine ýetirjekdiklerini aýtdy

2029081
Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň döredilmeginiň 22 ýyllygy mynasybetli geçirilen çärä gatnaşdy

Prezident Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň paýtagt Ankara şäherinde geçirilen 22 ýyllyk ýubileý programmasynda çykyş etdi. 

22 ýyllyk dolandyryş döwürlerinde Türkiyede demokratiýanyň, azatlyklaryň we ykdysady galkynyşlaryň has köp bolan bir eýýam başlandygyny aýdan Prezident Erdogan: "Bilimde, saglygy goraýyşda, adalatda, howpsuzlykda, transportda, senagatda, ykdysadyýetde, oba hojalykda, durmuşyň ähli ugurlarynda bizden ozal edilen hyzmatlaryň birnäçe esse köpüni häkimiýetiň başynda bolan döwrümizde amala aşyrdyk" diýip belledi. 

Ýaşlara wadalary bolan Türkiye Asyryny gurmakda tutanýerlidiklerini, Türkiye Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 100-nji ýylynda ýurda birinji derejeli demokratiýa, birinji derejeli ykdysadyýet we birinji derejeli gelejek gelişýändigine ynanýandyklaryny aýdan Prezident Erdogan: "Prezident möhledimiziň ussatlyk döwründe nesip bolsa ähli ugurlar boýunça has gülläp ösen, has ynamly, has abraýly, has güýçli we asuda bir Türkiye gurup, halka beren wadalarymyzy ýerine ýetireris" diýip nygtady.



Degişli Habarlar