Erdogan: "Halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin zähmet çekmäge dowam ederis" diýdi

Prezident Erdogan halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin zähmet çekmäge dowam etjekdiklerini habar berdi

2028814
Erdogan: "Halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin zähmet çekmäge dowam ederis" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň Ankara şäherindäki merkezinde Adalat we ösüş partiýasynyň Welaýat başlyklarynyň giňeldilen maslahatynda çykyş etdi.  

Prezident Erdogan 6-njy fewralda başdan geçirilen we Asyryň Betbagtçylygy hökmünde häsýetlendirilýän, ýurduň 11 welaýatyna täsir ýetiren, güýç merkezi Kahramanamaraş welaýaty bolan 7,7 we 7,6 bal ululyklaryndaky ýer titremeleriniň ýaralarynyň iň gysga wagtda gutuldyrmagyň gün tertiplerindäki esasy wezipeleridigini habar berdi. 

Ýer titremede ejir çeken her bir raýatyň maddy ýitgisiniň öwezini dolýançalar çenli arman-ýadaman zähmet çekjekdiklerini aýdan Prezident Erdogan: "319 müň ýaşaýyş jaýyny ilkinji ýylyň içinde eýelerine gowşurarys" diýip belledi. 

Prezident Erdogan halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak üçin zähmet çekmäge dowam etjekdiklerini mälim etdi. 

Görülen çäreler bilen awtoulag bazarlarynda kadalaşma tapgyrynyň hasaba alynandygyny görýändiklerini, emläk we kireý bazarlarynyň hem ýakyn wagtda deňagramlylyga gowuşjakdygyny aýdan Prezident Erdogan: "Nirede kemçiligimiz bar bolsa, aýyrýarys. Güýçli bolan taraplarymyzy berkidýäris. Soňky 22 ýyl bäri bolşy ýaly ýaşlarymyzyň dinamizmini, zähmetkeşlerimiziň deňsiz-taýsyz tejribelerini garyşdyryp ýolumyza dowam ederis" diýip aýan etdi.  



Degişli Habarlar