Milli Goranmak ministri Hakkaride saparda bolýar

Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler terrora garşy göreşiň iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli erjellik we tutanýerlilik bilen dowam etjekdigini habar berdi

2028386
Milli Goranmak ministri Hakkaride saparda bolýar

Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler Hakkari welaýatynda beren beýanatynda: "Ýurduň içinde we serhetaşa ýerine ýetirilýän operasiýalar bilen terror guramasyna agyr zarbalar salynýar. Hakkariniň howpsuzlygy serhetlerimizden uzakdan üpjün edilýär. Guramanyň ýurduň içinde hereket mümkinçiligi ýok diýiljek nokada geldi" diýip mälim etdi. 

"Terror guramalarynyň sebitiň gelejeginde hiç hili ýeri ýokdyr we asla bolmaz" diýip aýdan Ýaşar Güler: "Terrora garşy göreşde ýeten sepgidimiz, terror guramasynyň dawa we aýralyk tohumlaryny eken haýyn amallaryny ýer bilen ýegsan etdi" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #Hakkari , #Ýaşar Güler

Degişli Habarlar