Prezident Erdogan Wengriýada saparda boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan düýn Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban bilen ikiçäk we toparara gepleşikler geçirdi

2027011
Prezident Erdogan Wengriýada saparda boldy

Prezident Erdogan Wiktor Orbanyň çakylygyna laýykykda giden Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde Karmelita monastyrynda geçirilen duşuşykda, Türkiye-Wengriýa gatnaşyklary bilen birlikde Türkiyäniň Ýewropa Bileleşigine doly agzalyk tapgyry bilen sebitleýin we global hadysalar ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Prezident Erdogan saparyň çäginde Budapeşt şäherinde Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew we ýanyndaky wekiliýet bilen hem gepleşikler geçirdi. 

Duşuşykda Türkiye-Özbegistan gatnaşyklary bilen birlikde sebitleýin we global hadysalar maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan soň bolsa Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç bilen duşuşyk geçirdi. 

Geçirilen duşuşykda Türkiye-Serbiýa gatnaşyklary we sebitleýin meseleler ele alyndy. 

Prezident Erdogan duşuşykda Balkanlaryň parahatçylyk we durnuklylyk taýdan Serbiýany möhüm bir ýurt hökmünde garaýandygyny belläp, Türkiye-Serbiýa gatnaşyklarynyň taryhdaky iň ýokary dereje göterilendigini mälim etdi. 

Şol duşuşyklardan soň Budapeşt şäherinde geçirilen Bütindünýä Ýeňil atletika çempionatynyň erkekleriň arasynda 100 metr aralyk boýunça final bäsleşiginetomaşa eden Prezident Erdogan, stadionda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Tani bilen söhbetdeş boldy. 

Prezident Erdogan soň bolsa Wengriýanyň Prezidenti Katalin Nowak bilen duşuşyk geçirdi. 

Prezident Erdogan Wengriýanyň Milli güni bilen gutlan duşuşykda, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen sebitleýin we global meseleler barada pikir alyşdy. 

Erdogan Bosniýa-Gersegowinanyň Döwlet geňeşiniň agzasy Želka Swiýanowiç we Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidium geňeşiniň serp agzasy Milorad Dodiki kabul etdi. 

Duşuşykda Türkiye bilen Bosniýa-Gersegowinanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar we bar bolan hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy üçin edilip bilinjek ädimler ele alyndy. 

Prezident Erdogan Budapeştdäki saparyndan soň Türkiyä gaýdyp geldi. 



Degişli Habarlar