Milli Howpsuzlyk Gullugy Siriýada DAIŞ-e agza 3 terrorçyny tussag etdi

Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk Gullugy Siriýanyň demirgazygynda geçiren operasiýasynda, aksiýa geçirmek üçin taýarlyk gören terror guramasy DAIŞ-e agza 3 terrorçyny tussag etdi

2022841
Milli Howpsuzlyk Gullugy Siriýada DAIŞ-e agza 3 terrorçyny tussag etdi

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä terror guramasy DAIŞ-iň çäginde jogapkär ýolbaşçy wezipesinde iş alyp baran terrorçylar, Milli Howpsuzlyk gullugynyň we Siriýanyň Milli goşunynyň ýerine ýetiren işleriniň netijesinde Siriýada anyklandylar. 

Siriýanyň Milli goşunyna degişli ýerli howpsuzlyk güýçleri tarapyndan Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk Gullugynyň razwedka we operatiw goldawy bilen Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitinde geçirilen operasiýalaryň netijesinde aksiýa geçirmek üçin taýarlyk görendigi anyklanan terror guramasy DAIŞ-e agza 3 terrorçy tussag edildi. 

Operasiýanyň netijesinde şeýle hem köp mukdarda partlaýjy we ok-däri ele salyndy. 



Degişli Habarlar