21 Ýylda Raýatlaryň Her Bir Gatlagynyň Ýaşaýyş Şertlerini Ýokarlandyrýan Infrastrukturany Döretdik

Erdogan düýn Ankarada Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama berdi.

2021460
21 Ýylda Raýatlaryň Her Bir Gatlagynyň Ýaşaýyş Şertlerini Ýokarlandyrýan Infrastrukturany Döretdik

Prezident R.T.Erdogan 21 ýyllyk häkimiýetlerinde raýatlaryň ähli gatlagynyň ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrýan infrastrukturany döredendiklerini beýan etdi.

Erdogan düýn Ankarada Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama berdi.

Ýurduň öňünde açylan taryhy pursat penjiresini soňuna çenli açmakda ygrarlydyklaryny nygtan Erdogan; “Hökümetimiz mukaddes ýörişe hyzmat edýän energiýa we ynama eýe. Döwletimizde infrastruktura we potensial artykmajy bilen bar” diýdi.

Ýurduň iň uly galkynyş we demokratiýa başlangyçlaryny iş ýüzüne geçirendiklerini, ýylda ortaça 5,5 göterim ösüş edip, milli girdejini 1 trillion dollara golaýladandyklaryny aýdan Erdogan; “Türkiýede iş üpjünçiligini 32 million adama ýetirdik. Garaşlylykdan terrorizme, agdarlyşykdan ykdysady duzaklara, gabat gelinen ähli meseleleri sanabam oturjak däl… Raýatlarymyzyň ähli ugurda eşretli ýaşaýyşy üçin infrastruktura döretdik” diýdi.

Erdogan Mejlisiň kanun çykaryş ýylyna başlamagyndan soň azatlykçy konstitutsiýa üçin işe girişjekdiklerini hem nygtady.

“Iýul aýyndaky eksport görkerzijileri depginiň güýçlenýändigini görkezýär” diýen Erdogan; “Eksportumyz iýul aýynda 20 milliard dollardan geçdi. Şol mukdar bilen iýul aýyndaky iň ýokary eksport mukdaryna ýetdik” diýdi.

Orta möhletli maksatnamanyň işewür dünýasi we kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleri bilen bilelikde düzülýändigini beýan eden Erdogan, sentýabr aýynda ony halkyň dykgatyna hödürlejekdiklerini aýtdy.



Degişli Habarlar