Türkiýe, Pakistana Gynanç Bildirdi

Daşary işler ministrligi, düýn Pakistanda bolan otly heläkçiliginde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

2020917
Türkiýe, Pakistana Gynanç Bildirdi

Türkiýe, Pakistanda bolan otly heläkçiliginde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi, ýaralananlara gyssagly şypa diledi.

Daşary işler ministrligi, düýn Pakistanda bolan otly heläkçiliginde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýüzlenmede, Karaçi-Rawalpindi saparyny amala aşyrýan ýolagçy otlysynyň relýesden çykmagy sebäpli bolan heläkçilige uly gynanç bildirildi.

Ýüzlenmede “Bu elhenç heläkçilikde ýogalanlara Alladan rehnet, hossarlarynyň başda durmagynda dost we doganlyk ýurt pakistanyň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.

Pakistanyň Nawabşah şäheriniň golaýynda ýolagçy otlysynyň 10 wagonynyň relýesden çykmagy sebäpli 28 adam ýogalypdy, 50 adam ýaralanypdy.

 



Degişli Habarlar