Ýokary Harby Şura Prezident Erdoganyň Ýolbaşçylyk Etmeginde Öz Işine Başlady

“Türkiýe asyryny gurmak üçin arman ýadaman işleýäris"

2019804
Ýokary Harby Şura Prezident Erdoganyň Ýolbaşçylyk Etmeginde Öz Işine Başlady

Ýokary Harby Şura, Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde jemlenişdi.

Prezident Erdogan, ÝHŞ-nyň maslahatynyň öňüsyrasynda şuranyň agzalary bilen Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy M. K. Atatürküň gubyrynyň ýerleşýän ýeri bolan Aramgähe baryp gül desselerini goýdy.

Prezident Erdogan Aramgähiň ýörite depderine “Türkiýe asyryny gurmak üçin arman ýadaman işleýäris. Bu göreşimizde halkymyzyň gözüniň nury, ylham çeşmämiz Türk ýaragly güýçlerimiz esasy orun eýeleýär. Şu gün şuranyň maslahatynda kabul ediljek kararlar harby goşunymyzyň güýjüne güýç goşar” diýdi.

ÝHŞ-nyň maslahatynda Baş ştabyň täze başlygy bellener, güýç serkerdeleriniň wezipesiniň uzadylmagy meselesinde möhüm kararlar kabul ediler.

 

 

 



Degişli Habarlar