Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär

Şyrnak welaýatynda 5 PKK terrorçysy täsirsiz ýagdaýa getirildi

2017652
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär
irak pence kilit teror magara.jpg

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa sosial media hasabyndan mesele boýunça habarnama berdi.

Ministr Ýerlikaýa Şyrnakda terrorçylara garşy operasiýa geçirilendigini habar berdi.

Ýerlikaýa ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň goldaw bermeginde geçirilen operasiýada 5 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini nygtady.

Ministr Ýerlikaýa terror doly gutarýança göreşiň dowam etjekdigini nygtady.

Beýleki tarapdan türk ýaragly güýçleri Yragyň demirgazygynda terrorçylar tarapyndan peýdalanylýan gowaklary, gaçybatalgalary ýeke-ýekeden ýok edýär.

Milli goranmak ministrliginden berilen beýannama görä “Penje-Gulp” operasiýa zolagynda geçirilen gözleg-barlag işlerinde terrorçylara degişli köp sanly ýarag, ok-däri we goş-golam ele salyndy.



Degişli Habarlar