Türkiýe Ysraýyly Ýazgardy

Türkiýe Ysraýylyň aşa sağjy Milli howpsuzlyk ministri Ytamar Ben-Gwiriň Al Aksa metjidinde guran meçew beriji barlagyny ýazýardy.

2016858
Türkiýe Ysraýyly Ýazgardy

Bu barasynda Daşary işler ministrligi beýannama çap etdi.

Beýannamada; “Yraýylyň Milli howpsuzlyk ministriniň radikal ýaşaýjylaryň we Ysraýylyň howpsuzlyk gullukçylarynyň goragy astynda Al Alsa metjidinde geçiren meçew beriji barlagyny berk ýazgarýarys” diýilýär.

Daşary işler ministrliginiň beýannamasynda; “Al Aksa metjidiniň mukaddesligine we halkara hukuga esaslanýan taryhy derejesine äsgermezçilik edilýän şeýle meçew bermelere ýol berilmezligi hem-de dartgynlygyň gowşadylmagy üçin Ysraýylyň degişli edaralaryny gerek bolan çäreleri görmäge çagyrýarys” diýilýär.



Degişli Habarlar