Türkiye BMG-da rezolýusiýa taslamasynyň kabul edilmeginden hoşal

Beýannamada Türkiyäniň yslamofobiýa garşy göreşdäki jogapkärçiligini dowam etdirjekdigi nygtaldy

2016601
Türkiye BMG-da rezolýusiýa taslamasynyň kabul edilmeginden hoşal

Türkiye BMG-nyň Baş Assambleýasynda mukaddes kitaplara garşy zorlugy halkara hukugyň düzgün bozmasy hökmünde ykrar edýän we olar ýaly görnüşli aksiýalary berk ýazgarýan rezolýusiýa taslamasynyň kabul edilmeginden hoşal.

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi BMG-nyň Baş Assambleýasynda mukaddes kitaplara garşy islendik zorlugy halkara hukugyň düzgün bozmasy hökmünde ykrar edýän karary barada ýazmaça beýannama berdi. 

Beýannamada: "BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň 25-nji iýulynda mukaddes kitaplara garşy zorlugy halkara hukugyň düzgün bozmasy hökmünde ykrar edýän, ýurdumyzyň hem umumy guramaçysy bolan kararyň kabul edilmeginden hoşaldyrys" diýip habar berildi. 

Kararyň soňky wagtlarda Şwesiýada, Daniýada we Gollandiýada polisiýa işgärleriniň goragy astynda Gurhany ýakmak aksiýasyna rugsat berilmegine garşy uly ähmiýete eýedigi bellenen beýannamada: "Milliardlarça musulmany ynjydan bular ýaly görnüşli ýigrenç jenaýatlaryna garşy halkara jemgyýetiň tutanýerlilik bilen bilelikde hereket etmegi zerurdyr" diýip beýan edildi. 

Beýannamada Türkiyäniň yslamofobiýa garşy göreşdäki jogapkärçiligini dowam etdirjekdigi nygtaldy.



Degişli Habarlar