Maksadymyz Terror Howpuny Doly Ortadan Aýyrmak

Prezident R.T.Erdogan Ankarada Polis Akademiýasynda geçirilen Polis hünärmen mekdepleriniň gutardyş dabarasyna gatnaşdy.

2016577
Maksadymyz Terror Howpuny Doly Ortadan Aýyrmak

Erdogan dabarada sözlän sözünde ekstremist terror guramasynyň hataryna goşulýanlaryň tas ýok diýiljek derejede azalandygyna ünsi çekip; “Türkiýä uzaýan kirli elleri nirede bolandygyna garamazdan döweris. Maksadymyz terror guramalaryny ýurdumyza abanýan howp faktory bolmakdan çykarmak” diýdi.

Türkiýäniň imperialist güýçler tarapyndan sezewar edilen terror belasyndan halas bolmagynyň iňňän möhümdigini nygtan Erdogan, diňe bir howpsuzlyga däl, ykdysadyýetden demokratiýa, daşary syýasatdan milli jebislige we bitewilige çenli baryp ýetýän synanşmalaryň puja çykarylmagynyň, terror belasyny doly ýok etmeklerine baglydygyny aýtdy.

Prezident Erdogan çykyşynda immigrant meselesiniň çözülmeginiň ýolunyň terror guramalary bilen üstünlikli göreşden geçýandigini hem nygtady.

Türkiýä we türk ykdydysadyýetine goşant goşýanlaryň ählisine gapylarynyň açykdygyny beýan eden Erdogan; “Jenaýata goşulyşanlar, jemgyýetiň asudalygyny bozýanýar bilen, bikanun ýagdaýda ýurdumyzda ýaşaýanlar dessine ýurtdan çykarylýar. Soňky iki aýda jemi 36 müň bikanun immigrant ele salyndy. Şolaryň 16 müňi ýurtdan çykaryldy. Galanlarynyň işleri dowam edýär. enşalla bu meseläni medeniýetimize, dini ynanjymyza, hukuga we deňlige laýyklykda çözeris” diýdi.

 



Degişli Habarlar