Mardin welaýatynda PKK-a agza zenan terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiyäniň Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda polisiýa işgärlerine garşy ýaragly hüjüm guran ekstremist terror guramasy PKK-a agza zenan terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

2016309
Mardin welaýatynda PKK-a agza zenan terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynda bir zenanyň şübheli hereket edýändigi barada berilen maglumatyň esasynda şol ýere baran we şahsy maglumatlaryny almak isleýän polisiýa işgärlerine ýaragly hüjüm guraldy. 

Hüjümde polisiýa işgärleri ýaralanmady. Wakanyň bolan ýerine gönükdirilen ýöriteleşdirilen harby toparlar tarapyndan ýerine ýetirilen operasiýada PKK-a agza zenan terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Zenanyň ýaşan ýerinde geçirilen gözleg işlerinde 2 sany dymdyryjy, 2 sany sapança, 4 sany doly magazin, 20 sany feýerwerk we gurama degişli resminamalar ele salyndy. 

Ele salynan resminamalarda Nusaýbin etrabyndaky döwlet edaralary, guramalar, kärhanalar we işgärlerine degişli köp sanda maglumatlaryň bardygy anyklandy. Sensasion hereket amala aşyrmak maksady bilen Nusaýbin etrabyna gelendigi anyklanan PKK-a agza terrorçynyň, şahsyýetiniň anyklanmagy bilen bagly işler dowam edýär. 

Beýleki tarapdan bolsa Stambulda sensasion hereket amala aşyrmak üçin taýarlyk görýändikleri anyklanan PKK-a agza 2 terrorçy saklandy. 

Siriýada we Yrakda iş alyp barandyklary anyklanan terrorçylaryň kazyýetdäki işleri dowam edýär. 



Degişli Habarlar