Bikanun Immigrasiýa Garşy Göreşde Sebitleýin Hyzmatdaşlyk Möhüm

Ministr Fidan, Rimde geçirilen “Halkara galkynyş we immigrfasiýa” atly maslahata gatnaşdy.

2015063
Bikanun Immigrasiýa Garşy Göreşde Sebitleýin Hyzmatdaşlyk Möhüm

Daşary işler ministri Hakan Fidan bikanun immigrasiýany Ortaýer deňizi sebitinde ýerleşýäň ýurtlaryň umumy synagy hökmünde häsýetlendirip, oňa garşy göreşmekde sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýtdy.

Ministr Fidan düýn Italiýanyň Premýer-ministri Giorgia Meloniniň ýolbaşçylyk etmeginde Rimde geçirilen “Halkara galkynyş we immigrfasiýa” atly maslahata gatnaşdy.

Metbugata ýapyk geçirilen maslahatda ministr Fidan hem çykyş etdi.

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, bikanun immigrasiýanyň Ortaýer deňizi sebitinde ýerleşýän ýurtlaryň başdan geçirýän umumy synagydygyny beýan eden Fidan, bikanun immigrasiýa garşy göreşde sebitleýin hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Immigrasiýanyň öňüniň alynmagynyň möhümdigini nygtan ministri Fidan, onuň üçin dowam edýän çaknyşyklaryň we ykdysady kynçylyklaryň ortadan aýrylmalydygyny beýan etdi.

Daşary işler ministri Hakan Fidan, döwletleriň arsynda kynçylyklaryň, çykdajylaryň we böldençlikleriň bölüşilmeginiň ähmiýetine ünsi çekip, ähli döwletleri adamlaryň abraýynyň goralmagy üçin daşary ýurt duşmançylygynyň we ýigrenç jenaýatlarynyň öňüni almaga hem-de  hoş niýetlilik medeniýetini ösdürmäge çagyrdy.



Degişli Habarlar