Prezident Erdogan Katarda Saparda Boldy

Erdogan, paýtagt Dohada, Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Sani bilen duşuşdy.

2013115
Prezident Erdogan Katarda Saparda Boldy

Düýn Katarda saparda bolan Prezident R. T. Erdogan, paýtagt Dohada, Kataryň Emiri Şyh Temim bin Hamed Al Sani bilen duşuşdy.

Erdogan, Kataryň Emiri Şyh Temin bin Hamed Al Sani tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Garşylama dabarasyndan soň özara we toparara gepleşikler geçirildi.

Gepleşiklerden öň Erdogan ilki Al Sana “Gemlik mawysy” reňkindäki Toggy sowgat etdi.

Prezident Erdogan, gepleşikleriň geçirlen binasyna Al Sani bilen Togg ulagynda geldi.

Prezident Erdogan, Kataryň Emiri Al Saniniň hormatyna beren agşam naharyna gatnaşdy.

Lusail köşgündäki nahar metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.

Erdogan Katardan soň Aýlag ýurtlaryna guraýan saparynyň soňky duralgasy bolan Birleşen Arap Emirliklerine gitdi.

Kataryň Emiri Şyh Temim Erdoganyň sapary hakynda Twitterden beren habarnamasynda “Doganym Prezident R. T. Erdogany Dohada myhman almakdan hoşal boldum” diýdi.

Şyh Temim,  iki doganlyk halkyň bähbitlerine laýyklykda ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi maksady bilen duşuşandyklaryny ýatlatdy.

Kataryň Emiri, Prezident Erdogan bilen sebitde we dünýäde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşandyklaryny we halkara arkalaşygyň güýçlendirilmeginiň ähmiýetini nygtandyklaryny belledi.

 



Degişli Habarlar