Prezident Erdogan BAE-ne gitdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Katara guran saparyny tamamlap, yz ýanyndan düýn Pars aýlagy ýurtlaryna guraýan saparynyň soňky duralgasy bolan BAE-ne gitdi

2013153
Prezident Erdogan BAE-ne gitdi

Prezident Erdogan Abu-Dabu halkara howa menzilinde BAE-niň Wise-prezidenti Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýan we Türkiyäniň Abu Dabi şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Tugaý Tunçer tarapyndan garşylandy. 

Prezident Erdogan şu gün BAE-niň Döwlet baştutany Şeýh Muhammed bin Zaýed El Nahýan tarapyndan Al Watan köşgünde resmi dabara bilen garşylanar. 

Ikiçäk duşuşyk geçirjek iki lider soň bolsa ylalaşyk resminamalaryna gol çekmek dabarasyna gatnaşarlar. 

Erdogan Zaýed tarapyndan hormadyna beriljek resmi agşam naharyna gatnaşar. 



Degişli Habarlar