Demokratiýa we Milli jebislik güni ýurduň çar tarapynda bellenilip geçildi

Fetullahçy terror guramasynyň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky harby agdarlyşyk synanyşygynyň 7-nji ýyly ýurt derejesinde biri-birinden tapawutly çäreler bilen hatyralanyp geçildi

2011988
Demokratiýa we Milli jebislik güni ýurduň çar tarapynda bellenilip geçildi

Paýtagt Ankara şäherinde Demokratiýa nobaty tutuldy. Žandarma güýçleriniň Baş serkerdeliginiň Mehteran aýdym-saz topary konsert berip, çykyş etdi. 15-nji iýul Demokratiýa muzeýi, harby agdarlyşyk synanyşygynyň 7-nji ýyly mynasybetli raýatlary kabul etdi. 

Stambulda Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik günniň çäginde, şäheriň biri-birinden tapawutly ýerlerinde goýulan ekranlarda 15-nji iýul göreşiniň gahrymanlarynyň hekaýalary raýatlara gürrüň berildi. Galata minarasy we Haýdarpaşa otly bekedinde 15-nji iýul bilen bagly ýörite wideo görkezildi. 

Izmirde Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik gününiň çäginde Led Kule diýilýän ýerde wideo görkezildi we sergi açyldy. 



Degişli Habarlar