Fahrettin Altun: "Millet huntaçylara agyr zarba urdy" diýdi
Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun 15-nji iýulda milletiň agdarlyşyk synanyşygyny etmek isleýänlere agyr zarba urandygyny mälim etdi
Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun TRT Habar kanalynda 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni mynasybetli geçirilen "15-nji iýul Ýörite Söhbetdeşlik" gepleşigine gatnaşdy.
Fahrettin Altun 15-nji iýuldan soň terrora garşy göreşde edilen ädimleriň ähmiýetini belläp geçip: "Bu 7 ýyllyk tapgyrda bir tarapdan hyýanatçylykly terror guramasynyň döwlet edaradyr-kärhanalarymyzdan saplanandygyny we döwletimiziň we edaradyr-kärhanalarymyzyň has güýçlenendigini gördük. Indi Türkiyäniň terrora garşy göreşi has hem güýçli, has täsirli, az çykdajyly we has uly netijeler alynýan görnüşde dowam edýär" diýip habar berdi.
Fahrettin Altun: "Şol gün halkara arendaky töwerekler Türkiyede dolanşygyň üýtgedilmegi üçin bir kirli guramany, hyýanatçylykly terror guramasyny ulandylar. Millet oňa lideri bilen bilelikde çürt-kesik ýagdaýda zarba urdy. Agdarlyşyk synanyşygyny etmek isleýänlere agyr zarba urdy we olary täsirsiz ýagdaýa getirdi" diýip beýan etdi.
15-nji iýulda milletiň beýik bir ygtyýar orta goýandygyny aýdan Fahrettin Altun: "Dünýäde demokratiýa taryhynda ozal görülip-eşidilmedik ýagdaýda harby agdarlyşyk synanyşygyna garşy garşylyk görkezildi. Bu watanyň hakyky bir taryhy bar, şol hakyky taryhyň içinde hakyky gahrymanlar esaslandyryjy elementlerdir we 15-nji iýul hem şol manyda bu ýurduň bu watanyň taryhynda aýry bir ýere, örän aýratyn bir ýere eýedir" diýip nygtady.
Fahrettin Altun 15-nji iýulda şehit bolanlaryň, şikes ýetenleriň we şol gije meýdanlara çykan her kimiň Türkiyä Asyrynyň gahrymanlarydygyny aýan etdi.
Degişli Habarlar
Alžiriň Energetika Ministri Ankarada Saparda Bolýar
Jewdet Ýylmaz, Alžiriň Energetika we magdanlar ministri Muhammed Arkab bilen duşuşdy.