“15-nji Iýulyň Ýatdan Çykarylmagyna we Çykardylmagyna Asla Rugsat Bermeris”

Erdogan, “Türkiýe Asyrynyň Gahrymanlary” çäresine gatnaşdy

2011855
“15-nji Iýulyň Ýatdan Çykarylmagyna we Çykardylmagyna Asla Rugsat Bermeris”

Prezident R. T. Erdogan, “15-nji iýulyň ýatdan çykarylmagyna we çykardylmagyna asla rugsat bermeris” diýdi.

Erdogan, agdarlyşyk synanşygynyň 7-nji ýylynda Kommunikasiýalar edarasynyň, Stambul gubernatorlygy we Üsküdar etrap häkimligi bilen birlikde geçiren “Türkiýe Asyrynyň Gahrymanlary” çäresine gatnaşdy.

“FETÖ-jü dönükleri tanaýşymyz ýaly, dönüklere goldaw berenleri hem ýatdan çykarmarys” diýen Prezident Erdogan,  “15-nji iýulyň 7-nji ýylynda agdarlyşyk synanşygynyň üstünden 70 ýyl geçsede 15-nji iýulyň ýatdan çykarylmagyna we çykardylmagyna asla rugsat bermeris” diýdi.

Erdogan “15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy bilen Halkymyzyň, pygamber ojagy hökmünde görýän goşuny bilen arasyny bozmagy maksat edindiler” diýdi.



Degişli Habarlar