Hakan Fidan Indoneziýa sapar gurar

Daşary işler ministri Hakan Fidan V ASEAN-Türkiye Pudaklaýyn diýalog hyzmatdaşlygynyň Üçtaraplaýyn maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Indoneziýa sapar gurar

2010877
Hakan Fidan Indoneziýa sapar gurar

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanata görä, Hakan Fidan 13-15-nji iýul aralygynda gurajak saparynda, ASEAN-yň döwürleýin başlygy Indoneziýanyň Daşary işler ministri Marsudi we ASEAN-yň Baş sekretary Kao Kim Hourn bilen üçtaraplaýyn maslahat geçirer. 

Maslahatda gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy gözden geçiriler we öňümizdäki döwürde ediljek hyzmatdaşlyk bilen bagly teklipler ara alynyp maslahatlaşylar. 

Daşary işler ministri Hakan Fidanyň indoneziýaly kärdeşi bilen ikiçäk duşuşyk geçirjekdigi bellenen beýanatda, duşuşykda Türkiye-Indoneziýa gatnaşyklaryň köp taraplaýyn ele alynmagynyň, sebitleýin we halkara meseleler barada pikir alyşylmagynyň göz öňünde tutulýandygy habar berildi. 



Degişli Habarlar