Prezident Erdogan daşary ýurtly liderler bilen duşuşyklar geçirmäge dowam edýär

Prezident Erdoganyň LITEXPO Sergi we kongres merkezindäki duşuşyklary, maslahatyň ikinji gününde hem dowam edýär

2010327
Prezident Erdogan daşary ýurtly liderler bilen duşuşyklar geçirmäge dowam edýär

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Litwanyň paýtagty Wilnýus şäherindäki NATO-a agza ýurtlaryň Döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatynyň çäginde, Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes, Gollandiýanyň Premýer ministri Mark Rutte we Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Misotakis bilen duşuşyk geçirdi. 

Prezident Erdoganyň LITEXPO Sergi we kongres merkezindäki duşuşyklary, maslahatyň ikinji gününde hem dowam edýär. 

Wekiliýetleriň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Erdogana Daşary işler ministri Hakan Fidan, Milli Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Ibrahim Kalyn, Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun we Prezidentiň baş maslahatçysy ilçi Akif Çagataý Kylyç ýoldaşlyk etdiler. 



Degişli Habarlar