Prezident Erdogan daşary ýurtly liderler bilen ikiçäk duşuşyklar geçirýär

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Litwanyň paýtagty Wilnýus şäherinde geçirilýän NATO agza ýurtlaryň Döwlet we hökümet baştutanlarynyň sammitiniň çäginde ikiçäk duşuşyklar geçirýär

2009858
Prezident Erdogan daşary ýurtly liderler bilen ikiçäk duşuşyklar geçirýär

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Erdogan şu gün NATO-nyň Liderler maslahatynyň 1-nji maslahatynda çykyş eder. Erdogan şu gün şeýle hem resmi agşam naharynda liderler bilen duşuşyk geçirer. 

Prezident Erdogan ertir bolsa NATO-nyň Liderler maslahatynyň 2-nji maslahatynda NATO-Ukraina Komissiýasynyň Döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatyna gatnaşyp, ol ýerde çykyş eder. 

Sammitiň çäginde ikiçäk duşuşyklar hem geçirýän Erdogan häzirki wagta çenli Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Rişi Sunak bilen duşuşyk geçirdi. Prezident Erdogan şu gün şeýle hem Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols we ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen duşuşyk geçirmegi meýilleşdirilýär. 

Erdoganyň ertir bolsa Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Misotakis we Italiýanyň Premýer ministri Jorjiýa Meloni bilen ikiçäk duşuşyk geçirmegi meýilleşdirilýär, sammitiň tamamlanmagyndan soň sammitde metbugat ýygnagyny geçirmegi göz öňünde tutulýar. 



Degişli Habarlar