Ali Ýerlikaýa Şyrnakda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylar barada beýannama berdi

Türkiyäniň Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa Şyrnak welaýatynda täsirsiz ýagdaýa getirilen 2 terrorçynyň gözlenýänleriň sanawynda narynç kategoriýada bolandyklarynyň anyklanandygyny mälim etdi

2008785
Ali Ýerlikaýa Şyrnakda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylar barada beýannama berdi

Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa sosial media hasabyndan beren beýnatynda. Şyrnak welaýatynyň Bestler Dereler sebitinde 4-nji iýulda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň şahsyýetleri we amala aşyran aksiýalary barada maglumat berdi. 

Mirza Bargyran adyny ulanýan Mirza Sezek atly terrorçynyň 2015-2023-nji ýyllar aralygynda 5 aýry terrorçylykly aksiýa gatnaşandygyny, şol aksiýalarda 1 žandarma we 2 polisiýa gullugynyň şehit bolandygynyň anyklanandygyny aýdan Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa: "Beýleki terrorçy bolsa Bengin Bermani adyny ulanýan Kahraman Karataş atly terroçydyr. Ol haýyn terrorçy bolsa 2016-2018-nji ýyllar aralygynda 6 aýry terrorçylykly aksiýa gatnaşdy. Şol aksiýalarda bolsa 2-si harby gullukçy, 7-si žandarma, 7-si howpsuzlyk goragçysy bolmak bilen jemi 16 howpsuzlyk işgärimiz şehit boldy, 16 işgärimiz bolsa ýaralandy. Şehit bolan adamlaryň gany ýerde galmady. Terrora garşy göreşimiziň ahyryna çenli dowam etjekdigini bilsinler" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar