“NATO Agza Bolmak Isleýän Ýurtlar Terrora Garşy Içgin Göreş Alyp Barmaly”

Ministr Fidan, Brýusselde soň metbugata beýannama berdi.

2008160
“NATO Agza Bolmak Isleýän Ýurtlar Terrora Garşy Içgin Göreş Alyp Barmaly”

Daşary işler ministri Hakan Fidan, “PKK, FETÖ ýaly terror guramalary we şol guramalar bilen arabaglanşykly toparlar, Şwesiýanyň köçelerinde arkaýyn ýöriş geçirmäge dowam edýän bolsa, onda kanuna girizilen üýtgetmäniň hiç hili manysy ýok” diýdi.

Ministr Fidan, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde NATO-nyň ştab kwartirasynda  geçirlen Türkiýe-Finlýandiýa-Şwesiýa bilelikdäki mehanizmiň maslahatyndan soň metbugata beýannama berdi.

Maslahatda taraplaryň Finlýandiýa bilen Şwesiýanyň esasan terrora garşy göreş boýunça NATO-nyň Madritde geçirlen sammitinde baglaşylan üçtaraplaýyn ähtnamanyň ýerine ýetirilşi meselesini ara alyp maslahatşanadyklaryny aýdan Fidan, “NATO agza bolmak isleýän ýurtlar terrora garşy içgin göreş alyp barmaly” diýdi.

 “Şwesiýa kanuna üýtgetme girizilmegi taýdan öňe gidişlik etdi, emma girizilen üýgetme netijesiz” diýen Fidan, üçtaraplaýyn ähtnamanyň şertleriniň doly ýerine ýetirilmelidigini belledi.

Terror guramalarynyň Şwesiýada öz işini dowam edirýändigine ünsi çeken Daşary işler ministri Fidan “PKK, FETÖ ýaly terror guramalary we şol guramalar bilen arabaglanşykly toparlar, Şwesiýanyňž köçelerinde arkaýyn ýöriş geçirmäge dowam edýän bolsa, onda kanuna girizilen üýtgetmäniň Türkiýe üçin hiç hili manysy ýok” diýdi.



Degişli Habarlar