Prezident Erdogan, Gollandiýanyň Premýer-ministri Rutte Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan bilen Rutte, Şwesiýanyň NATO agzalyk etaby hakynda hem pikir alyşdy.

2007613
Prezident Erdogan, Gollandiýanyň Premýer-ministri Rutte Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Gollandiýanyň Premýer-ministri Mark Rutte bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde geljek ýyl bellenilip geçiljek Türkiýe-Gollandiýa dostluk şertnamasynyň 100 ýyllygy mynasibetli iki ýurduň arasynda ýokary derejeli saparlaryň guraljakdygyna ynanýandygyny belledi.

Erdogan bilen Rutte, Şwesiýanyň NATO agzalyk etaby hakynda hem pikir alyşdy.

Prezident Erdogan, Şwesiýanyň terrora garşy göreş meselesinde kanuny üýtgetmeleri kabul edendigini emma terror guramasy PKK/PÝD/ÝPG-niň tarapdarlarynyň erkin ýagdaýda gurama goldaw ýörişini geçirmäge dowam etmeginiň edilýän tagallalary puja çykarandygyny nygtady.

Prezident Erdogan, Şwesiýada musulmanlaryň mukaddes kitaby Gurhana guralan hüjümiň söz azatlygy hökmünde görkezilmeginiň kabul edilmesizdigini ýatlatdy.

Liderler telefon söhbetdeşliginde iýul aýynyň 11-12-i aralygynda Winýusda geçiriljek NATO sammitinde Russiýa-Ukraina söweşine giňişleýin ýer berilmegi boýunça ylalaşyk gazandy.

 



Degişli Habarlar