Türkiýe Bilen Müsüriň Arasyndaky Diplomatik Gatnaşyklar İlçilik Derejsine Göterildi

Bu başlangyç iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň gaýtadan kadalaşmagyny maksat edinýär.

2006725
Türkiýe Bilen Müsüriň Arasyndaky Diplomatik Gatnaşyklar İlçilik Derejsine Göterildi

Türkiýe bilen Müsüriň bilelikdäki beýannamasynda Türkiýäniň Müsürdäki Ilçihanasyna Ilçi Salih Mutlu Şeni, Müsüriň Türkiýedäki Ilçihanasyna bolsa Ilçi Amr Alhamamyny hödürländigi habar berildi.

Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň derejesiniň göterilmeginiň iki ýurduň Prezidentleriniň kabul eden kararyna laýyklykda iş ýüzüne geçirilendigi nygtalyp; “Bu başlangyç iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň gaýtadan kadalaşmagyny maksat edinýär we Türkiýe bilen Müsüriň halklarynyn bähbitlerine laýyklykda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegini nazarda tutýan iki taraply ygtyýary beýan edýär” diýilýär.



Degişli Habarlar