Şwesiýada Gurhanyň ýakylmagyna reaksiýa bildirilýär

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Şwesiýada Gurhanyň ýakylmagyny ýazgardy

2005048
Şwesiýada Gurhanyň ýakylmagyna reaksiýa bildirilýär
ömer çelik.jpg

Daşary işler ministri Hakan Fidan Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Mübärek Gurban baýramynyň ilkinji gününde mukaddes kitabymyz Gurhana garşy Şwesiýada amala aşyrylan haýyn aksiýany ýazgarýaryn. Yslama garşy amala aşyrylan bu hereket söz azatlygy bahanasy bilen rugsat berilmegi kabul edilmez. Bular ýaly görnüşli aksiýalara gözüňi ýummak jenaýata şärik bolmak diýmekdir" diýip nygtady. 

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary we metbugat geňeşçisi Ömer Çelik hem sosial media hasabyndan Şwesiýada Gurhanyň ýakylmagyny ýazgardy. 

Ömer Çelik: "Şwesiýanyň resmileriniň Gurban baýramynyň ilkinji gününde metjidiň öňünde Gurhany ýakmak üçin tutulan ýüz tutma rugsat bermegini ýazgarýarys. Şwesiýanyň Ýokary kazyýetiniň ýigrenç jenaýatlaryna hemaýatkärlik edýän çemeleşmesini ýazgarýarys. Ozal hem belläp geçişimiz ýaly Gurhana garşy edilen bu aksiýa adamzat jenaýatydyr. Bu näletli aksiýa garşy syýasy we hukuk taýdan iň berk ýagdaýda göreşmäge dowam ederis" diýip belledi. 

Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde asly yrakly bolan Salwan Momika, Stokgolm metjidiniň öňünde polisiýa işgärleriniň goragy astynda Gurhany ýakypdy. 



Degişli Habarlar