Prezident Erdogan Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

2005039
Prezident Erdogan Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginde iki lider Gurban baýramynyň Türk dünýäsi we Yslam älemi başda bolmak bilen bütin adamzada asudalyk we bereket getirmegini dilediler. 

Prezident Erdogan telefon arkaly gürrüňdeşlikde 9-njy iýulda geçiriljek Prezident saýlawynda wezipä ýaňadandan dalaşgär bolan Şewket Mirziýoýewe üstünlikler arzuw etdi. 

Prezident Erdogan Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 3-nji maslahatynyň iň gysga wagtda geçirilmegini isleýändiklerini Mirziýoýewe aýtdy. 



Degişli Habarlar