Çanakgalada 14 bosgun halas edildi

Türkiyäniň Çanakgala welaýatynyň Aýwajyk etrabynda, Gresiýa tarapyndan Türkiyäniň suw giňişligine itilen 14 bosgun halas edildi

2004176
Çanakgalada 14 bosgun halas edildi

Türkiyäniň Kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň Egeý serkerdeligine degişli toparlar, Demirgazyk Egeý sebitinde Aýwajyk etrabynyň suw giňişliginde bikanun immigrantlaryň bardygyny anykladylar. 

Sebite gönükdirilen "KB-20" gaýygy, Gresiýa tarapyndan Türkiyäniň suw giňişligine itilen Ýemeniň, Sudanyň we Eritreýanyň raýatlary bolan bosgunlary halas etdi. 

Kenara çykarylan 14 adam, deslapky işlerinden soň Aýwajyk etrabynyň Daşary ýurtlylary yzyna ugratmak merkezine gönükdirildi. 



Degişli Habarlar