Daşary Işler Ministri Hakan Fidan Britaniýa Gitdi

Hakan Fidan, 2023 Ukraina Goldaw Konferensiýasyna gatnaşar

2002299
Daşary Işler Ministri Hakan Fidan Britaniýa Gitdi

Daşary işler ministri Hakan Fidan, 2023 Ukraina Goldaw Konferensiýasyna gatnaşmak üçin Britaniýa gitdi.

Ministr Hakan Fidanyň iş saparynyň çäginde paýtagt Londonda özara duşuşyklar geçirmegine garaşylýar.

Daşary işler ministri Hakan Fidanyň gatnaşmagynda geçiriljek konferensiýada, Ukrainanyň galkynyşy we söweşden soň gaýtadan dikeldilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Iki gün dowam etjek konferensiýa halkara  jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşanar.

Ukrainanyň Prezdenti Wolodimir Zelenskiý hem konferensiýa wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşar.



Degişli Habarlar