Türkiýäniň we DKTR-nyň Hukuklarynyň Elinden Alynmagyna Ýol Bermeris

Prezident R.T.Erdogan ne Türkiýäniň ne-de Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň hukuklarynyň elinden alynmagyna asla ýol bermejekdiklerini aýtdy.

1999931
Türkiýäniň we DKTR-nyň Hukuklarynyň Elinden Alynmagyna Ýol Bermeris

Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň halka ýüzlenip eden çykyşynda, hepdäniň başynda DKTR-na we Azerbaýjana guran saparlary hakynda durup geçdi.

DKTR-na Prezident Ersin Tatar bilen geçirilen gepleşiklerde Türkiýäniň Kipr meselesine berýän güýçli goldawyny aç-açan beýan edendiklerini gürrüň beren Erdogan; “Türk milletinin aýrylmasyz bölegi bolup durýan Kipr türk halky bilen egin-egine göreşimizi dowam etdireris. “Ene watan” bilen “ogul watanyň” arasyndaky utgaşyklygyň çuňlaşdyrylmagy üçin hukuk, ykdysady we syýasy ähli başlangyçlary ederis. Ne ýurdumyzyň ne-de DKTR-nyň hukuklarynyň elinden alynmagyna ýol bermeris” diýdi.

Prezident Erdogan Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda döwlet Ýolbaşçysy İlham Aliýew bilen geçiren duşuşyklarynda özara gatnaşyklary ähli ugurda ösdürmek üçin iňňän möhüm kararlary kabul edendiklerini aýtdy.

Erdogan; “Ermenistan bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagy boýunça dowam edýän tagallalara goldawymyzy beýan etdik. Sebitimizde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi boýunça güýçli ygtyýarymyzy ýene-de bir gezek nygtadyk. 30 ýyla golaý eden gabawdan son Garabagda buýsanç bilen parydaýan Azerbaýjanyň baýdagyny, doganlygymyzyň simwoly hökmünde kabul edýäris.  Jan Azerbaýjan bilen gatnaşyklarymyzyň konstruktirw ykdysady we syýasy utgaşyklyk modeline öwrülmegi üçin irginsiz işläris. Merhum Ysmaýyl Gaspyralynyň 1,5 asyr ozal beýan eden “dilde, pikirde, işde birlik” maksadyna laýyklykda türki dünýä bilen gatnaşykarymyzy güýçlendirjek täze taslamalary iş ýüzüne geçireris” diýdi.

 



Degişli Habarlar