Bilelikdäki Mehanizmiň Nobatdaky Maslahaty Ankarada Geçirildi

Prezidentiň kompleksinde geçirlen maslahat 3 sagada golaý dowam etdi.

1999690
Bilelikdäki Mehanizmiň Nobatdaky Maslahaty Ankarada Geçirildi

Türkiýäniň, Finlýandiýanyň, Şwesiýanyň we NATO-nyň wekiliýetleriniň gatnaşmagyndaky Bilelikdäki Mehanizmiň 4-nji maslahaty paýtagt Ankarada geçirildi.

Prezidentiň kömekçisi ilçi Akif Çagataýyň ýolbaşçylygynda, Prezidentiň kompleksinde geçirlen maslahat 3 sagada golaý dowam etdi.

Maslahatda NATO-nyň wekiliýetine NATO-nyň Baş sekretarynyň kömekçisi Stian Žensen, Şwesiýanyň wekiliýetine  Şwesiýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary ilçi  Ýan Knutsson we Finlýandiýanyň wekiliýetine hem Finlýandiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hemişelik döwlet sekretary Ýukka Salowaara ýolbaşçylyk etdi

Russiýanyň Ukraina hüjüm guramagyndan soň NATO agzalyk üçin ýüz tutan Şwesiýa we Finlýandiýa bilen Türkiýäniň arasynda 2022-nji ýylyň 28-nji iýunda Ispaniýanyň paýtagty Madritde geçirlen NATO-nyň liderler maslahatynda Türkiýäniň aladalarynyň ortadan aýrylmagy üçin üçtaraplaýyn teswirnama baglaşylypdy.

Türkiýe aladalaryny ortadan aýyran Finlandiýanyň NATO agzalygyna goldaw berýär.

Türkiýe terrora goldaw berýän Şwesiýanyň NATO agzalygyna bolsa garşy durýar.



Degişli Habarlar